Kardeş Kalemler

Dil Araştırmaları

Kalemdaş

Türk Dünyası Edebiyat Dergileri Kongresi

AYB - Edebiyat Akademisi

Uluslararası Kaşgarlı Mahmud Hikâye Yarışması

Bengü Yayıncılık

Türk Dünyasında Edebiyat Adamı Ödülleri

II. Dede Qorkut halkara teatr eseri bäsleşigine gatnaşmagyň şertnamasy

  • Mowzuk: Erkin
  • Görnüşi: Erkin, ( çaga oýunlary, gysga we uýgunlaşdyrylan oýun görnüşlerden başga)
  • Bäsleşigiň dili: Eserler Türkçe, Azerbeýjan, Gazak, Gyrgyz, Türkmen, Özbek, Tatar, Başkurt, Çuwaş, Krym Tatar, Gagauz, Karaçaý-Malkar, Kumuk, Uýgur, Hakas, Altaý, Saha, Tywa. Türk edebi dil we dialektlerinde ýazylan bolmaly.
  • Bäsleşik hemmä açyk, ýaş çäklemesi ýok.
  • Her ýazyjy bäsleşige bir eseri bilen gatnaşar.
  • Bäsleşige iberiljek eserler sahnalama tehnikasyna laýyklykda ýazylmaly.
  • Eserler özbaşdak bolmaly, haýsyda başga bir eserden täsirlenen, göçirme we uýgunlaşdyrylan bolmaly däl.
  • Bäsleşige iberiljek eserler, hiçbir bäsleşikde baýrak almadyk we hiçbir ýerde çap edilmedik we sahnalanmadyk bolmaly.
  • Bäsleşige iberiljek eserler, kompýutorda A4 kagyz boýunda, Times Roman ýazuw font, 12 punto we 1,5 setir boşlugy goýulup ýazylmaly.
  • Eserler, iň köp 2 perdelik bolmaly.
  • Bäsleşige iberiljek eserleriň üstünde diňe lakam bolmaly; lakamdan başga ýazyjyň şahsy maglumatlaryny görkezjek haýsyda bir yşarat bolan ýagdaýynda eser bäsleşikden çykarylar.
  • Bäsleşige gatnaşjak eseriň 6 nusgasy iberiler. Şeýle-de içine eser goýulan konwertiň içine eseriň word formatynda taýarlanan faýl CD ýüknenip goýulmaly.
  • Ýazyjy, pasport kopýasy, öý salgysyny, terjimehal we bir suratyny başga bir konwertiň içine goýup diňe lakamyny ýazyp eserin bolan uly konwertiň içine goýmaly. E- poçta adresi bilen iberilen eserlerde bu maglumatlar maile goşular we bäsleşik guramasynda bäsleşigiň soňuna çenli saklanar.
  • Bäsleşige gatnaşjak eserler Avrasya Yazarlar Birliği, Sakarya Mahallesi Göztepe Sokak 5/A Ankara/Türkiye salgysyna elden ýada poçta ýada This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. adresine e-poçta üsti bilen iberilmeli.
  • Bäsleşik guramasy gerekli gören ýagdaýynda öň saýlama emin agzalary gurnap biler
  • Eserleriň Türkçe terjime edilen nusgalary okalyp baha beriler.
  • Bäsleşige gatnaşan eserler, yzyna berilmeýär we eseriň ýazyjysy bu mowzukda hiçbir hak öňe sürüp bilmez.
  • Bäsleşikde baýraga eýe bolan eserler, TÜRKSOY halkara guramasynyn agzasy bolan ýurtlaryň teatr repertuaryna girizilmegi teklip ediler.
  • Emin agzasy wezipesinde bolanlar, olar bilen birinji derejede gan bagy bolanlar we ýakynlary bäsleşige gatnaşyp bilmezler.
  • Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünlerini ýerine ýetirmeýän eserler dykkata alynmaz.
  • Bäsleşige gatnaşjak ýazyjylaryň, bäsleşik şertnamasyny kabul edeni hasaplanar.

 

Geçiriljek Bäsleşik Barada Esasy Günler

  1. Bäsleşigiň yglan ediljek güni : 15.04.2017
  2. Eserleri soňky gowşurma güni : 30.09.2017
  3. Bäsleşik netijesiniň yglan ediljek güni : 15.11.2017
  4. Baýrak gowşurma dabarasy : Dekabr 2017

Bäsleşigiň Pul Baýraklary

  1. 1-nji orna mynasyp bolana : 15.000 TL (on bäş müň Türk Lirasy)
  2. 2-nji orna mynasyp bolana : 10.000 TL (on müň Türk Lirasy)
  3. 3-nji orna mynasyp bolana : 5.000 TL (bäş müň Türk Lirasy)
  4. 1-nji sylaglanan baýrak : 2.500 TL (iki müň bäş ýüz Türk Lirasy)

 

 

 

 

Has Bahçe Edebiyat Sohbetleri

II. Uluslararası Dede Korkut Tiyatro Eseri Yarışması
 

Copyright © 2017 Avrasya Yazarlar Birligi. All Right Reserve.
AYB Türk Dünyası Yazarlar Birliği üyesidir.